Rus dili we onuň dünýä jemgyýetindäki ähmiýeti

Rus dili giň ýaýran dilleriň biridir, has takygy bu dilde sözleşýänleriň sany boýunça dünýäde sekizinji orunda durýar. Rus dili öňki SSSR-de, soňra Russiýa Federasiýasynda we GDA-da milletara we döwletara gatnaşyk serişdesi bolup hyzmat etdi we häzir hem bu çäklerde öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Rus dili Russiýa, Belarussiýa, Gazagystan we Gyrgyzystan döwletleriniň resmi dili bolmak bilen,  BMG-nyň alty resmi dilleriniň biridir. Ukrain we belarus dilleri bilen birlikde hindi-ýewropa diller maşgalasyna girýän slawýan dilleriniň gündogar toparyny düzýär. 2022-nji ýylyň maglumatlaryna görä rus dilinde gürleýänleriň sany 258 milliondan geçýär. Mundan daşary 60 milliondan artyk adam rus dilinde erkin sözläp bilýärler. 

Iň gadymy rus edebi dili Kiýew Rusynda şekillenen diýip hasaplanylýar. XIV-XV asyrlarda    gadymy rus dili üç dile-welikorus(rus), ukrain we belarus dillerine bölünipdir.

XIX asyryň başlarynda edebi diliň meselelerini çözmekde I.A.Krilow, A.S.Griboýedow, esasan-da A.S.Puşkiniň döredijiligi aýratyn orun tutan. Hut Puşkiniň döredijiliginde umumy rus rdebi diliniň şekillenişi tamamlanýar. Puşkiniň uly hyzmatlarynyň biri onuň döredijilinde edebi rus diliniň umumy ülňüleri işlenip çykylýar we ösdürilýär.

XX asyryň ortalaryndan başlap bütin jahanda rus dilini öwreniş giňden ýaýraýar. Rus dili dünýädäki 100-den artyk döwletde okadylýar. 1967-nji ýylda rus dili we edebiýaty mugallymlarynyň halkara birleşmesi , 1973-nji ýylda A.S.Puşkin adyndaky Rus dili instituty açyldy.

Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça giň gerimli hyzmatdaşlyk edilýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw jaýlarynda rus dili we edebiýaty sapaklary geçilýär. Türkmenistanda rus dilinde okadylýan 71-sany orta mekdepler bar bolup, olar doly rus neşirleri, okuw kitaplary bilen üpjün edilendir.

Çynar AMANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok