Öwüt-ündew mekdebi

Ata-babalarymyz  özüniň uzak geçmiş taryhynda dünýä medeniýetine saldamly goşant goşan, beýik döwletleri guran gadymy halkdyr.  Taryhymyzyň dürli döwürlerinde halkyň ykbalyny gerdenine alan merdanalar az däldir. Olardan  kimler gylyç “gemrip”, serden geçip Watanyny beýgelden, goran bolsa, kimler sazyň, sözüň, ýiti akyl-paýhasyň kömegi bilen il derdini, ýurt keşgini çekmegi,  halk söýgüsini gazanmagy başarandyr. 

Magtymguly Pyragy hem ýaşan çylşyrymly syýasy döwrüne seretmezden öz kämil döredijiligi, çuň pähim-paýhasy bilen halkyň öňüne düşmegi, söýgüsini gazanmagy  başaran ussatdyr. Akyldar diňe bir söz ussady hökmünde däl, päk ahlakly, ýagşy niýetli, giň göwrümli, il-güniň derdi bilen ýaşan beýik ynsan hökmünde-de häli-häzire çenli ýüreklerde baky ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary halk pedagogikasynyň esasyny düzüp, kämil milli terbiýe mekdebini kemala getirýär.

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Onuň jöwher pähiminden dörän goşgy setirleri islendik ýaşdaky ynsany oýlanmaga mejbur edýär. Akyldaryň döredijiliginiň kämilligini subut edýän ýene bir zat, ol hiç haçan könelmeýär, haýsy döwür bolsada ähmiýetini gaçyrman gelýär,  almaz daşy deýin gün-günden ajaýyp nury bilen öwşün atýar.  Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döwlet tarapyndan akyldaryň golýazmalary, ömri-döredijiligi, mahlasy entek açylmadyk “syrly sandygy” öwrenilýär. 2024-nji ýylda  tutuş türkmen halky dünýä derejesinde  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny uludan bellär. Ýaňy-ýakynda Milli Liderimiziň ylham çeşmesinden dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” goşgusy eýýäm halkyň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar:

Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
Kömegine mätäçlere-Taňrynyň hemaýaty,
Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherine Magtymguly Pyragynyň mirasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýadygärligine girizilendigi barada şahadatnama gowşurylmagy bolsa uly toýa barýan halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy.

Humaý KASYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok