Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly hakdan içen, bütin ömrüni ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbaly bilen baglan, türkmeniň edebi dilini esaslandyran, az sözde goşgy setirlerinde köp many aňladyp, milletiň dilini baýlaşdyran, düşünjesini ösdüren şahyr. Ol türkmeniň bir agza bakyp, özygtyýarly döwlet gurmagy ugrundaky taglymaty, agzybirlikde, asudalykda, jebislikde bagtyýar ýaşamagy hakyndaky öwüt-ündewi halkyň aňyna ornaşdyran öňdengörüji we röwşen geljege ruhlandyryjy watançy şahyr. Dana Pyragy sözüň güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galan, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk ýörelgelerini älem-jahana tanadan, Gündogaryň we Günbataryň ylym we edebiýat çygrynda adamzat mertebesini belent derejä göteren beýik şahsyýet. Dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň hataryna giren Magtymguly atamyz köpöwüşginli şygyrlary, geçmişiň, şu günüň we geljegiň ýaşaýyş-durmuş hakykatyny beýan edýän deňsiz-taýsyz garaýyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna göreldeli goşant goşan alym. Geçmişde ýetmişden gowrak döwleti bina eden, ýetmiş iki saz guralyny saýradyp toý tutan türkmen halkynyň söwer ogly Magtymguly umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň abraýyny, mertebesini belent derejelere göteren Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny toýlamaga uly taýýarlyk görülýär. Onuň çäklerinde dünýä meşhur şahyryň ömrüne, külli adamzadyň ýoluna ýagty saçýan, halklaryň kalplaryny ýakynlaşdyrýan, gaýtalanmajak eserlerine bagyşlanan ylmy işler taýýarlanylýar. Beýik dananyň halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän edebi mirasyny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen pelsepesini we edebiýatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren beýik söz ussadynyň watançylyk, ynsanperwerlik, terbiýeçilik we millilik babatyndaky ýörelgelerini köpçülige ýetirmek, ýaşlaryň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen, dokumental we çeper filmler döredilýär, okuw-usulyýet maslahatlary we teleradio gepleşikleri guralýar. Nesip bolsa, halkymyzyň ruhubelentligi, asylly toý däpleriniň köpöwüşginli çäreleri bilen garşylanjak, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň toý dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly waka öwrüler.

Täzegül AMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok