Lukmançylyk edaralaryna 60-dan gowrak “Toyota Camry” awtoulagy sowgat berildi

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi. Munuň özi Diýarymyzda saglygy goraýyş düzümleriniň netijeli işi babatda ählitaraplaýyn alada edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Döwrebap awtoulaglar halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, saglygy goraýyş işgärlerine bolsa täzeçe işlemäge amatly şertler döreder. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Bu baýramçylyk mynasybetli ildeşlerimiziň, şeýle-de daşary ýurt raýatlarynyň ençemesi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy.

Göwher BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok