Londonyň nyşany

Big Ben – Westminster köşgündäki meşhur sagat diňdir. 2012-nji ýyldan bäri minaranyň resmi ady Ýelizaweta diňi diýlip çalşyldy. Ol Beýik Britaniýanyň meşhur nyşanlarynyň biridir we ony kinofilmlerde, reklamalarda ýa-da suratlarda köp görmek bolýar. Ilkibaşda ,,Big Ben’’ sagadyň bäş jaňynyň iň ulusynyň adydy, ýöne köplenç bu ady sagat we umuman sagat diňini atlandyrmak üçin ulanypdyrlar. Kasting wagtynda 13,7 tonna agramly bu sagat Angliýadaky iň uly we iň agyr jaňdy. Emma 1881-nji ýylda Uly Pol jaňy guruldy we ol Big Ben jaňyndan hem agyrdy. Onuň agramy 17 tonna ýetýär.

2017-nji ýylyň awgustyndan 2022-nji ýylyň apreline çenli minaranyň global durky täzelendi. Sagadyň sanlary we dilleri açyk gök reňke boýaldy. Gurluşyk işleriniň dolandyryjysy Benjamin Hollanyň hormatyna jaňyň ady Big Ben diýlip atlandyrylýandygy aýdylýar. Başga-da pikirler görä bu jaň meşhur boksçy Benjamin Kountyň adyny göterýär. 2012-nji ýylyň sentýabryna çenli onuň resmi ady ,,Westminster köşgüniň sagat diňidi’’, köplenç Stiwen diňi hem diýilýärdi. Soňra iňlis mejlisiniň karary bilen şa zenany Ýelizawetanyň dolandyrmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli Ýelizaweta diňi diýlip atlandyryldy.

Minara 1859-njy ýylda iňlis arhitektory Ogastes Pýudjin dizaýnyna laýyklykda guruldy. Sagat bolsa 1859-njy ýylyň 31-nji maýynda işe girizildi. Minaranyň beýikligi 93 metrdir. Sagat mehanizminiň aşaky bölegi 55 metr beýiklikde ýerleşýär. Westmisteriň uly sagady dünýädäki üçünji uly dört taraply täsirli sagatdyr.

Şanazar ÖWEZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok