“Korkut Ata” festiwalynyň iň gowy aktýory – Ahmet Amandurdyýew

Azerbeýjan Respublikasynyň paýtagt şäheri Bakuda geçirilýän «Korkut
Ata» türki dünýäsiniň halkara film festiwalynda Türkmenistanyň wekili Ahmet Amandurdyýew «Gyzyl alma» filminde Mergeniň keşbine ýerine ýetirendigi üçin «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.
Film sýužet taýdan gündogar edebiýatynda meşhur bolan gyzyl almanyň
rowaýatyna esaslanýar. Filmiň režissiýory Hekim Alow gahrymanlaryň üsti bilen türkmen halkynyň haýyr-sahawat, sahylyk ýaly ynsanperwer häsiýetlerini ussatlyk bilen açmagy başarypdyr.

Bakuwda geçirilýän «Korkut Ata» festiwalyna bu ýyl Türkmenistandan,
Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Russiýa Federasiýasyndan çeper, dokumental we animasiýa filmleriniň 32-si hödürlendi.

Ahmet Amandurdyýewiň ýerine ýetiren keşbiniň «Korkut Ata» festiwalynyň eminleri tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyny bellemelidir. Aktýoryň «Gyzyl alma» filminden başga-da, «Esger», «Durmuş kyssalary», «Binýat» ýaly filmlerde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gopbam towşan», «Ynam! Umyt! Söýgi», «Talyp söýgüsi» ýaly sahnalarda keşp janlandyrypdy.

Berdigylyç ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistika fakultetiniň II ýyl talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy,
Magtymguly adyndaky talyp hakynyň eýesi.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok