Iýseň sarymsak, bolar seriň sag!

Sarymsak sözi latyn dilindäki «allium» sözünden bolup, ol ötgür, ýiti diýen manyny aňladýar. Sarymsagy gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ulanyp gelendigini arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar aýdyň görkezýär.

Tebigy antibiotik hasaplanýan sarymsak özüniň birnäçe dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Sarymsagyň özüne mahsus ýiti tagamyny we ysyny onuň düzümindäki efir ýaglary emele getirýär. Hatda Lukman Hekim hem köp keselleri bejermekde sarymsak iýmegi maslahat beripdir. Ony gowrup iýseň, aşgazany berkidýändigini, suwuny içseň, sarygetirmäni hem dep edýändigini belläpdir. Sarymsak işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär.

Terje sarymsagyň şiresi dümewiň we ýokanç keselleriň wiruslaryny gyrýar, ýüregiň işleýşini sazlaýar. Aşgazan-içege ulgamynyň, aşgazanasty mäziň işini kadalaşdyrýar. Sarymsak çigligine iýlende has peýdalydyr. Dümewiň köpçülikleýin ýaýran döwründe her gün iki diş sarymsak iýmek peýdaly. Ol bedeniň gorag güýçlerini ýokarlandyrýar. Sarymsagyň 100 gramynyň iýmitlik gymmaty 149 kilokaloriýa deňdir. Şeýle hem onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar bolup, bular aşgazanda suwuklygyň bölünip çykyşyny we iýmit siňdirişi gowulandyrýar.

Sarymsak bagryň we öthaltanyň kesellerinde hem giňden ulanylýar. Sarymsagyň saç dökülmesinde hem haýry uludyr. Bu önüm täze howply döremeleriniň öňüni almakda-da ähmiýetlidir.

Sülgün DURDYMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok