Gün tutulmasy

Gün tutulmasy – astronomiki hadysadyr. Ýeriň belli bir böleginden syn edilende Gün dolulygyna ýa-da bölekleýin Aý tarapyndan örtülýär. Gün tutulmasy diňe täze Aýda ýüze çykýar we Aýyň orbitasynyň ekliptiki tekizlige meýilli bolmagy sebäpli, her täze Aýda ýüze çykmaýar. Gün tutulanda, oňa Ýeriň islendik ýerinden syn edip bolýar.

Gün tutulmasy wagtynda birnäçe täsirleri synlamak bolýar. Gün tutulmagynyň ýüze çykan ýerinde asman gijeki ýaly bolmasa-da, daşky gurşawyň temperaturasy birden peselýär. Gün dolulygyna tutulanda Gün hromosferasy we korona görünýär. Haýwanlar we ösümlikler tutuşlygyna tutulmagyna gijeki ýaly reaksiýa bildirýärler we aladalary başdan geçirýärler.

Gün ulgamynyň beýleki planetalarynda hem Gün tutulmagy bolup geçmegi mümkin. Marsda bölekleýin tutulmagy we Ýupiter, Saturn, Uran, Neptun ýaly planetalarda tutuşlaýyn Gün tutulmagy bolup biler. Aýyň hereketi we Ýeriň aýlanmagy sebäpli, tutulmanyň görünýän ýeri günbatardan gündogara tarap süýşýär.

Doly Gün tutulmagynyň Ýer togalagynyň diňe ujypsyz böleginden syn edilip bilinýändigi we hadysanyň özi gaty ajaýypdygy sebäpli, käbir höwesjeň astronomlar tutulmagy synlamak üçin syýahat edýärler. Gün tutulmagyny synlanyňyzda, oňa güneş äýnegini ulanman, uzak wagtlap seredeniňizde gözüňiziň zeperlenmegine sebäp bolup bilýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Jahan ATABAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok