Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysadyýetiň ösmegine gönükdirilen işler oňyn netijesini berýär. Ýangyç energetika toplumynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we geljekki ösüş maksatnamalarynyň düzülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu pudakda alnyp barylýan işler, ýagny nebitiň we gazyň eksportynyň artmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik döretýär. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyz ähli pudaklarda ösüşiň täze basgançaklaryna gadam basýar. “Ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda nebitgaz toplumyna 159,9 millard manat maýa goýumlary gönükdiriler.
Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem nebit-himiýa senagaty pudagynda täze innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, enjamlaryň kämilleşdirilmegi, esasan hem gazy gaýtadan işleýän pudagynda täze toplumlary gurmak barada taslamalaryň taýýarlanmagy we durmuşa geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.
Häzirki wagtda eneregtika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça köpsanly taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň wekilleri Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen Energetika babatda hyzmatdaşlygy artdyrmak maksady bilen türkmen – rumyn iş toparynyň duşuşygy geçirildi.
Täsirli geçen iş duşuşygynyň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän benzin, dizel ýangyjy, polietilen, awiasiýa kerosinini we beýleki önümleri öndürmekde täze tehnologiýaryň ornaşdyrylyp täzeçil tehnikalaryň durmuşa geçirilmegidir.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň görkezijileri durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligini şöhlelendirýär.
Aýna ÖWLÝÄGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Teswirler