Düýe malym — dünýe malym

Ata-babalarymyz gadymdan bäri düýe malyna uly hormat goýup oňa mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Düýeler adamzat ýaşaýşynda hojalygy dolandyrmakda adamzada uly goltgy berip gelipdirler. Düýäniň yrýa zady ýok. Onuň ýüňünden çörek salmak üçin saçak, ýapynmaga niýetlenen ýorgan tikilýär. Düýe ýüňünden edilen saçakda mele-myssyk çöregi uzak wagtlap saklap bolýar. Düýe malynyň edil ak süýdüniň derman bolşy ýaly, eti hem peýdalydyr.

Düýe nesliniň atlandyrylyşy:

  • Köşek — 6 aýlyga çenli.
  • Torum — 6 aýdan – 13 aýa çenli.
  • Ogşuk — 1 ýaşdan – 2 ýaşyna çenli.
  • Iki ýaşar inen — 2 ýaşdan – 3 ýaşa çenli;
  • Gaýalyk Duluç — 3 ýaş, ogşukdan soň, 4 ýaşyna çenli inen mal.
  • Düýe — 4-den ýokary ýaşdaky inen mal;
  • Karamlyk — 3 ýaşynda botlan duluç;
  • Hakyna Botlan — 4 ýaşynda botlan;
  • Aralyk ýaş düýe — 5 – 8 ýaşa çenli;
  • Orta ýaşan düýe — 9 – 14 ýaşa çenli;
  • Gartaşan düýe — 15 – 18 ýaşa çenli;
  • Garry düýe — 19 – 20 ýaşdan ýokary.
  • Bugurçy — ogşukdan geçen, 3 – 4 ýaşyna çenli erkek mal.
  • Howruz erkek (zola ýaş) — 5 – den ýokary ýaşdaky erkek mal.
  • Bugra — iki örküçli, aýaklary kelte, ýaglak düýe.
  • Maýa — bugradan gaýan, arwanadan bolan inen düýe.
  • Inen maýa — arwana düýe bilen iki örküçli düýäni çakyşdyryp alnan düýäniň ineni.
  • Kärderi — arwana bugradan gaýyp alnan uly ýaşly inen düýe.
  • Sapaldyryk — kärderi bilen arwananyň erkegi gaýdyryp, jynsyna garamazdan alnan köşekleri.
  • Heşdek — kärderi bilen göherdi çakyşdyryp alnan köşek.
  • Inen — düýe malyň köpelýäni.
  • Erkek mal — Arwana tohumly düýeleriň erkek jynsy.

Jeren BABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok