Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle işleriň hatarynda sanly ulgamy ösdürmek, kämil hünärmenler bilen ykdysadyýetimiziň pudaklaryny üpjün etmek wezipesi möhüm orna eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmek we ýaýratmak, durmuşa ornaşdyrmak maksat edinilýän işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmegi çaltlandyrylýar. Şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory döredilýär. Olar ýörite tor arkaly elýeterli üpjün edilýär.
«Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze, döwrebap keşbini kemala getirip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri açýar.
Biz — ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga, halkara bäsleşiklere gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edip, egsilmez alkyş aýdýarys.
Muhammetnazar ALYMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler