Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ösüp gelýän nesle bilim-terbiýe bermekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylyp, bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna uly üns berilýär.
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynda ähli şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, alan bilimlerini tejribede peýdalanmaklaryna giň mümkinçilik döredilendir. Bu babatda ýaşlaryň hünärlerini kämilleşdirýändiklerini we ylym bilen meşgullanýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Bu bolsa geljekde ylmy taýdan giň dünýägaraýşy bolan hünärmenleriň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdygynyň aýdyň mysalydyr.
Biz talyp ýaşlar hem ýokary okuw mekdebimiziň okuw meýilnamasyna laýyklykda, ähli amatlyklary we şertleri bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz talyp ýaşlaryň çuň aň-bilimli, medeniýetli, täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesiller bolup ýetişmegimize uly mümkinçilik döredýär we belent maksatlara ruhlandyrýar.
Bagtyýar geljegiň binýadyny gurjak biz ýaşlaryň okamagy, döretmegi, gurmagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.
Leýli MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler