Baglaryň gujagynda saralan altyn – güýz

Güýz paslynyň gelmegi bilen, tebigata üýtgeşik rahatlyk aralaşýan ýaly bolýar. Türkmen sährasynyň Güneşiň şöhlesine çalymdaş altynsow öwüşgine beslenýän günleri kalbymy ajaýyp duýgular gaplap alýar.

Güýz mukaddes duýgulardan, umytlardan we täze arzuwlardan doly pasyl. Güýz şatlygy, umydy, bereket-bolçulygy wada edýän möwsüm. Güýz maňa toýly gelniň ýeňläp, enelik duýgusyny dadýan pursataryny ýatladýar. Bäbegini gujagyna alan enäniň reňki-roýuna üýtgeşik mähremlik çaýylýar, onuň kalbyndaky nur älem-jahany doldurýan ýaly bolýar. Güýz pasly daýhanyň ýylboýy azabynyň rehnedini görýän, ekenini orýan, hasylyny ýygnaýan möwsümi.

Güýzüň gelmegi bilen, gündizler gysgalyp, gijeler uzap başlaýar. Bu döwürde Gün tomusdaky ýaly gözýetimden ýokary galmaýar, ýumşak ýagtylygy bilen tebigaty gujaklaýar. Altyn güýzüň sarylyga beslenip, ýapraklaryň gyzylymtyl-sary, açyk-ýagty reňklere boýanmagy tebigata özboluşly gözellik çaýýar. Gün şöhlesiniň agaçlaryň dürli reňklere boýalan ýapraklarynyň arasyndan jyklaýşy has owadan görünýär.

Altyn güýzde ýagyş ýaganda, tebigat has-da gözel görnüşe girýär. Güýz tebigata öz hökümini ýöredip, ony altynsow-gyzyl reňke boýasa-da, sowuk ýagyş damjalary sarylygyň reňkini ýuwup, daş-töwerege nuranalyk çaýýan ýaly bolýar. Güýz köp döredijileriň söýýän pasly, bu döwür şahyrlary, suratkeşleri täze döredijilik eserlerine ruhlandyrýar. Goý, bu güýz hem bize täze döredijilik ahwallaryny bagyşlasyn!

Kasym KAKAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok