Ençeme asyrlaryň syrlaryny özünde jemläp oturan köpsanly taryhy ýadygärlikleriň biri Astanababa mawzoleýidir. XII — XVII asyrlara degişli bolan bu gadymy binalar toplumyny ýerli ilat Astanababa mawzoleýi diýip atlandyrsa, käte bu dört gümmezli mawzoleýi iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň aýallarynyň hatyrasyna Gyzlarbibi mawzoleýi diýlip atlandyrylandygy hem ýatlanylýar
Orta asyra degişli bolan bu binagärlik toplumy Kerki şäheriniň merkezinden 10 kilometr günbatarda Astanababa obasynyň çäginde ýerleşýär. Astanababa obasyndaky taryhy ýadygärlikler ençeme syýahatçylaryň, alymlaryň ünsüni özüne çekipdir.
Astanababa orta asyr binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligi bolup, onuň ilkinji binýady XII asyrda goýlupdyr. Orta asyr binagärlik toplumynyň dürli döwürlerde gurlup, häzirki görnüşe gelendigi 1948-nji ýylda professor G.A.Pugaçenkowa tarapyndan anyklanypdyr. Onuň iň gadymy ymaraty metjidiň jaýydyr. Metjit bolsa XII asyrda, ýagny, Seljuklar soltanlygynyň döwründe bina edilipdir. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr.
Bu binagärlik toplum gadymy Zemmiň Maýmarg obasynda bina edilip, ol açyk dälizden, howludan, portaldan, ýapyk dälizden, dört sütünli dokuz gümmezli zaldan, metjitden, Zeýd Alynyň we Zubeýd Alynyň guburhanasyndan, diwanhanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr. Gyzlarbibi aramgähi ansamblyň has giçki bölegidir. Ol dürli ölçegdäki, ähtimal, ikinji gezek peýdalanylan kerpiçlerden bina edilipdir.
Bibijemal BAÝRAMALIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler