Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi

11-nji oktýabrda, Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.

V Wena balyna we «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana Awstriýadan myhmanlar geldiler, olar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama paýtagtymyzda ýerleşen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp görmegi özünde jemleýär. Şeýle hem dostlukly ýurduň wekillerine sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Awstriýaly myhmanlar binagärlik we bezeg ulgamynyň häzirki zaman ösüşleri milli binagärligiň, bezeg serişdeleriniň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan täze şäheriň gözelligine haýran galýandyklaryny beýan etdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy.

Eziz HYDYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok