Sarpasy belent söz ussady

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly biziň göz guwanjymyzdyr, türkmen halkynyň adyny dünýä dolduran şahyrdyr, adamzat taryhynda yz goýan iň uly şahsyýetleriň biridir» diýip bellemek bilen, beýik akyldara çäksiz sarpa goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyllarda şirin dilli söz ussadymyzyň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi, akyldaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan halkara derejedäki maslahatlaryň geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgy hemmeler, aýratyn-da, döredijilik işgärleridir mugallymlar üçin ylham çeşmesine öwrüldi. Goşgudaky:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

— diýen ajaýyp setirleri diňlän, okan her bir okyjy akyldaryň döredijiligi hakynda oýlanmaga mejbur bolýar.

Her bendinde, setirinde giden bir many jemlenen şygyrlar hem-de Magtymguly Pyragy baradaky döredilen hekaýatlardyr rowaýatlar üç asyrdan bäri ýaşap gelýär we Ýer ýüzünde adamzat nesli ýaşadygyça ýaşar. Şahyryň döredijiliginiň köptaraply bolşy ýaly, onuň şygyrlarynda Watana söýgi, dosta wepalylyk, ýagşy gylyk-häsiýetleri wagyz etmek, agzalalygy, erbetligi ýazgarmak ýaly ähli temalar eriş-argaç bolup geçýär. Pyragynyň her bir goşgusynyň ýekeje bendi hem uly bir rowaýat barada habar berýär. Üç asyra golaý wagt bäri halk tarapyndan okalyp, öwrenilip gelinýän hem bolsa, şahyryň şygyrlaryndaky manylar, aýdylýan pikirler entek-entekler jogaby pikirlenip tapylmaly syrlygyna galyp gelýär we halk köpçüligi tarapyndan öwrenilmegi dowam etdirilýär.

Aýsoltan FAÝZULLAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok