Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik söz ussadynyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Dana Pyragynyň ajaýyp şygyrlary dünýä dillerine terjime edilip, belent heňde aýdym bolup ýaňlanýar. Beýik akyldaryň doglan gününiň ýubileý senesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde hem uludan belleniler.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ady dürli dillerde ýaňlanýar. Akyl-paýhasyna sarpa goýlup, hormatyna bagyşlanyp ýurdumyzda, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdylýar. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek we türkmen şahyrlarynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek boýunça Magtymguly adyndaky Halkara baýragy döredildi. Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmenistanyň milli sazly-drama teatryna, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky obalara, şaýollara şahyryň ady dakyldy. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy hem akyldar şahyrymyzyň adyny göterýär. Her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi-de akyldar şahyrymyzyň halkymyzyň arasynda çuňňur hormatlanylýandygyny äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edýär. Magtymguly Pyragy ýaly beýik ägirtleri öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.
Tawus ATDAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler