Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dinozawrlar düzlügi» diýlip atlandyrylýan baýyrlyklardaky gadymyýetden galan aýak yzlar häzire çenli hemmeleri haýran galdyrýar. Dinozawrlaryň Köýten dagynyň gerişlerinde saklanyp galan aýak yzlary bu äpet jandarlaryň nähili täsin bolandygyny doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
Dinozawrlaryň beýikligi 12 metre, uzynlygy 10 metre, agramy bolsa 25 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Olar ördegiňkä meňzeş üç barmakly aýaklary bilen hereket edipdirler. Penjeleriniň uzynlygy 75 — 90 santimetre ýetýär. Olaryň ini 60 santimetre golaýlaýar. Dinozawrlaryň barmaklarynyň ujunyň galdyran yzlaryna üns berip syn etseň, olaryň ýyrtyjy guşlaryňka, ylaýta-da, äpet dag bürgütleriňkä çalymdaş dyrnaklarynyň bolandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Dinozawrlar düzlükdäki gowy toprakly ýerlerde ýaşapdyrlar. Şundan çen tutsaň, olar gyrymsy otlar bilen iýmitlenipdir diýmäge esas bar. Muny ýene bir zat tassyklaýar. Kiçi dinozawrlaryň boýun myşsalarynyň güýçli ösendigi, äňleriniň totuguşlaryň çüňküne meňzeşligi, dişleriniň ownuklygy olaryň ýyrtyjy jandarlaryň hataryna girmeýänliginiň şaýadydyr. Olar Mongoliýada, Germaniýada ýaşapdyr. Tapyndylar muňa güwä geçýär. Emma ýerli adamlaryň gürrüň berýän rowaýatlaryna salgylansaň welin, dag-deredäki kiçeňräk haýwanlar hem olara şamlyk bolupdyr. Belli bir netijä gelmek üçin entek köp barlag işlerini geçirmeli bolar. Sebäbi, Köýten daglaryndaky aýak yzlar dünýäniň beýleki käbir ýurtlarynda gabat gelýän aýak yzlar bilen deňeşdirilende has uludyr. Diýmek, dinozawrlaryň hem hemme ýerde bir görnüşli bolmandygy, hatda owlagyň ululygyndaky dinozawrlaryň hem bolandygy baradaky çaklamalar hem esassyz däl.
Dinozawrlaryň aýak yzlarynyň biziň günlerimize gelip ýetişi barada-da dürli çaklamalar bar. Dag süýşmeleri netijesinde «Dinozawrlar düzlügi» bir wagtlar daşlaryň aşagynda galypdyr. Ençeme ýyllaryň dowamynda olary şol daş gatlaklar gorapdyr. Soňky gezek bolan dag daşlarynyň süýşmesi bolsa ozalky gatlagyň sypyrylyp aýrylmagyna getiripdir. Şeýdibem, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň üsti açylypdyr.
Jeýhun HYDYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler