Türkmenistan watanymyz dünýä ýurtlary bilen ähli ugurlarda hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklary amala aşyrýar.Islendik döwlet we onuň halklary bilen özara gatnaşykary ýola goýmak dil biliminiň üsti bilen amala aşyrylýar. Daşary ýurt dillerini öwrenmek, bilmek her bir ösen jemyýetiň kemala gelmeginde ilkinji zerurlyklyklaryň biridir.
Garaşsyz baky bitarap ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerine amala aşyrylýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazanan günümizden bäri döwlet dilimiz bolan türkmen dilinden başga-da ýapon dilini, iňlis dilini, rus dilini, nemes, hytaý dillerini öwrenmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw jaýlarynyň maksatnamalarynda daşary ýurt dillerini öwretmäge aýratyn üns berilýär. Mundan başgada orta bilim berýän iňlis, rus, ýapon, nemes, fransuz dillerine ýöriteleşen mekdepleriň açylyp ulanylmaga berilmegi bellärliklidir.
Dil öwrenmek belli bir derejede kämil şahsyýeti kemala getirýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ynsanyň pikirleniş ukybyny kämilleşdiýär, sözleýiş medeniýetini ösürýär, döredijilik ukybyny artdyrýar. Sebäbi daşary ýurt dilini öwrenmek täze bir dünýäni öwrenmek hasaplanýar. Her bir dilde şol halka mahsus bolan medeniýet, şol halkyň ruhy dünýäsi kemala gelýär. Diýmek, dünýä dillerini öwrenmek arkaly dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, ösdürmäge giň mümkinçilikler açylýar diýsek ýalňyşmarys. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär we kämilleşmeklerine ýardam edýär.
Tehnikanyň tehnologiýanyň ösen döwründe bilim ulgamynyň ösüşi has hem çaltlanýar. Sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen daşary ýurt dillerini öwrenmek has hem zerur bolup durýar. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda audio hem-de wideo ýazgylaryň üsti bilen daşary ýurt dilleri öwredilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin ýörite okuw merkezleri hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasaty netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri, olaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Dürdäne ŞAMYÝEWA,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Diller
kafedrasynyñ uly mugallymy.
Teswirler