«Oktýabr» saz festiwaly, güýziň ortasynda sazyň aýy!
Maýa Kulyyewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Bütindünýä saz güni bolan 1-nji oktýabrdan başlap tä aýyň ahyryna çenli «Oktýabr» saz festiwaly sazyň aýy hökmünde baýramçylyk mynasybetli geçirilýär.
Ýakynda hem şu saz festiwalynyň çäklerinde birnäçe konsertler geçirildi we ýene-de meýilleşdirýär. Şeýle konsertleriň biri hem biziň ýokary okuw jaýymyzyň «Estrada sungaty» kafedrasynyň ýaş mugallymy, «Türkmeniň Altyn Asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi we birnäçe bäsleşikleriň laureaty Begenç Moşiýewiň ýekelikdäki solo konserti boldy. Ýagny bu konsert konserwatoriýanyň uly zalynda geçirildi. Şeýlelikde bu zala tomaşaçylar we aýdym-sazy söýýän diňleýjiler, mugallymlardyr talyplar ýygnandylar.
Konsertde Begenç Moşiýewiň ýerine ýetirmeginde birnäçe nusgawy türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.
Muňa mysal edip, , M. I. Glinkanyň «Скажи зачем», P. I. Çaýkowskiniň «Хотел бы единое слова» ýaly aýdymdyr romanslary, G. Puççininiň «Toska» operasyndan «Kawaradossiniň» ariýasy , J. Werdi «Trawiata» operasyndan «Gersogyň balladasy», türkmen nusgawy eserlerinden A. Şapoşnikow we D. Öwezowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan «Garybyň aýdymy», D. Nuryýewiň «Gunça» operettasyndan «Amanyň aýdymy» ýaly uly göwrümli eserleri hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Başgada ussat mugallym N. Halmämmedowyň «Bilmezmiň», «Gyz», W. Muhadowyň «Bagşy aýdymy», daşary ýurt eserlerinden E. Kurtisiň «Non tis corde», T. Kulyýewiň azerbeýjan aýdymy bolan «Ýal gyzym», rus halk aýdymy «Ах ты душечка», A. Babaýewiň «Я встретил девушку» ýaly ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdi. Bu eserlerden başgada Begenç Moşiýew bir aýdymy has-da aýratyn we şowly ýerine ýetirdi. Bu häzirki estrada aýdymçysy F. Kirkorowyň «Снег» diýen aydymy bolup, aýdym ýerine ýetirilenden soňra tomaşaçylaryň uly şowhunyna, gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şeýlede bu aýdym konserti jemledi. Konsert jemlenenden soňra Begenç mugallymy kärdeşleridir-talyplary gutlap, sowgatlary we gül çemenlerini gowşurdylar.
Konserwatoriýada güýz festiwaly dowam edýär.
Kuwwat Ýowbasarow,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
IV ýyl talyby, ýaş alym
Teswirler