Alymlar ilkinji gezek ýyldyrymyň ugruny üýtgetdiler!

Alymlar ylmy taýdan ilkinji gezek güýçli lazer ulanyp asmandan Ýere gelýän ýyldyrymyň ugruny üýtgetmegi başardylar. Bu ylmy ösüş ýyldyrym sebäpli ýangynyň we ölümiň öňüni alyp biler.

Güýçli lazer ýyldyrymyň ugruny 60 metr töweregi başga ýere sowmagy başardy. Ýanwar aýynda neşir edilen netijeler, ýyldyrym çakmalarynyň her ýylda ABŞ-da ortaça 43 adamyň ölmegine şeýle-de jaýlara we beýleki ýerlere zeper ýetirip müňlerçe dollar çykdaýja sebäp bolýandygyny görkezýär. Alymlar geljekde ýyldyrymyň ugruny üýtgetmek bilen 1 milliard dollar ätiýaçlandyryp boljakdygyny mälim edýärler.

Alymlar täze enjamy barlamak üçin 3 tonnalyk lazeri Şweýsariýadaky 2000 metr beýiklikdäki Säntis dagynyň depesine getirdiler. Bu ýeriň artykmaçlygy, ýylda azyndan 100 gezek ýyldyrym çakmagyny ygtybarly kabul edýän 400 metrlik aragatnaşyk diňidir.

Ýeri gelende belläp geçsek, lazer arkaly ýyldyrymy sowmak pikiri öz gözbaşyny 70-nji ýyllaryň başlaryndan alyp gaýdýar. Ýöne şol wagtlardan bäri ýyldyrymyň ugruny üýtgetmek häzire çenli başartmady.

Aýnur AÝMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok