Tikin maşynlaryň taryhyndan

1790-njy ýylda ilkinji tikin maşynyny iňlis inženeri Tomas Sent tarapyndan oýlanyp tapylýar. Tomasyň täze önümi üstünlikli mahabatlandyrylmandygy üçin meşhurlyk gazanyp bilmeýär. Ol tikin maşynyny deri we kanwas materiallaryny tikmek maksady bilen döredipdi. Çünki bu önümleri el bilen tikmek kynçylyk döredýärdi. Ilkinji tikin maşyny zynjyryň kömegi bilen çarhlaryň aýlanmagynda tikin işini amala aşyrýar. Tomasyň döreden tikin maşyny senagatda önümçilikde ulanylmasa-da, oýlap tapyşlaryň gözbaşy hasaplanylýar.

Bartelemi Timone tikin maşynynyň ösmegine uly goşant goşan fransuz oýlap tapyjysydyr. Ol el bilen dolandyryp bolýan tikin maşynlaryny döredýär. Onuň döreden tikin maşyny Tomasyňka garanyňda, has aňsat hem oňaýlydy. Bartelemi Timone özüniň döreden enjamyny senagat önümçiliginde ýola goýmak üçin birnäçe işleri ýerine ýetirýär. 1840-njy ýylda Parižde fransuz goşuny üçin tikin eşiklerini tikýän 80 maşyndan ybarat bolan tikinçilik sehini açýar. Ilkinji elektrik tikin maşynlary 1889-njy ýylda oýlanylyp tapylýar.

Elde edilýän nagyşlary aňsatlyk bilen ýerine ýetirýän döwrebap maşynlar ilki Fransiýada döredildi. Has takygy, Joşua Heilmann XIX asyryň başynda Fransiýanyň Mulhouse şäheriniň golaýynda ilkinji nagyş edýän maşyny oýlap tapandygy bilen tanalýar. El nagyşlaryny ýerine ýetirýän enjamlar Fransiýada oýlanyp tapylandygyna garamazdan, ilki Şweýsariýanyň dokma senagatynda ulanylyp başlanýar.

Häzirki wagtda tikinçiler döwrebap tikin maşynlary ulanýarlar. «Janome», «Juki», «Brother» ýaly ençeme kompaniýalaryň öndürýän tikin maşynlary ýokary hilli önümleri öndürmäge, inçe işleri aňsatlyk bilen ýerine ýetirmäge, çalt we ygtybarly amala aşyrmaga ýardam edýär. Ýeri gelende belläp geçsek, «Janome» dünýäde iň uly tikin maşynlaryny öndürýän kompaniýa hasaplanýar.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok