Ynsan sesi ýabany tebigatdaky haýwanlary ýyrtyjylardan has gorkuzýar!

Günorta Afrikanyň Kruger milli seýilgähinde geçirilen gözlegler sebitde ýaşaýan süýdemdirijileriň ýyrtyjylara garanyňda adam seslerinden has gorkýandyklaryny we gaçýandyklaryny ýüze çykardy.

“Current Biology” žurnalynda çap edilen gözlegde, Krugerdäki suw çeşmeleriniň töwereginde ýerleşdirilen enjamlaryň üsti bilen suw içmäge gelen haýwanlara adamlaryň we ýolbars ýaly käbir ýyrtyjylaryň sesleri diňledildi we bolýan zatlar ýazga alyndy.

Gözlegleriň netijelerine görä, süýdemdirijileriň köpüsi, şol sanda Afrikadaky piller we kerk ýaly uly jandarlar gürleýän adam sesini eşidip, howsala düşdiler we öz ýaşaýan ýerlerini terk etdiler.

Enjamdan gelýän ýyrtyjylaryň sesleri ýabany tebigatdaky haýwanlarda has az howsala döretdi. Olaryň arasynda pil, kerk, žiraf ýaly äpet jandarlar bolsa öz ýerlerini taşlap, başga ýerlere göçdiler.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok