Seropegia güli

,,Seropegia’’ gülli ösümlikleriň toparyna degişlidir. Olar tebigatda Afrikanyň we Aziýanyň sebitlerinde duş gelýär. Bu gülüň degişli bolan urugy 180-den gowrak görnüşi öz içine alýar. Olaryň köpüsi gül ösdürip ýetişdirýänler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Seropegia güli bezeg güli hasaplanylýar. Köp adamlar ony öýlerinde ösdürýärler.

Seropegia güli dyrmaşyp ýa-da dik ösüp bilýän köpýyllyk ösümlikdir. Onuň tyçinkalary turba şekillidir. Miwesi süýümli, silindir ýa-da çyzykly görnüşdedir. Güllän wagty gülleri saýawan şekilli bolup, gül ýapraklary bäş sanydyr.

Bu gül köp ýagty gün şöhlesine mätäçdir, emma tomsuna, günortanlyk wagtynda, gün işjeň bolanda, ol az-kem kölegä mätäçdir. Ýaz we güýz möwsümlerinde topragyň ýokarky gatlagy gurap başlandan soň ony ortaça suwarmaly. Gyşda suwarmagyň mukdaryny azaltmaly, topragynyň üstki gatlagynyň guramagyndan üç gün geçenden soň ony azrak nemlendirmeli.

Seropegia gülüniň kiçi nusgalaryny iýmitlendirmek zerurlygy ýok. Uly nusgalaryny bolsa ýaz-tomus möwsümlerinde her 20 günden bir gezek yzygiderli iýmitlendirilmegi talap edýär. Munuň üçin orhideýa ýa-da sukkulent ýaly ösümlikler üçin ulanylýan mineral maddalaryň erginlerini ulanmaly we öndürijiler tarapyndan maslahat berilýän dozanyň ½ bölegini almaly. Gyş we güýz möwsümlerinde topragyna dökün garmak hökman däldir. Bezeg maksatly diýseň ähmiýetli güldür.

Çemen KAKAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 13-nji orta
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok