Merkuriý henizem gün-günden kiçelýär!

Merkuriý planetasynyň kiçelýändigi alymlar tarapyndan mundan ozal hem mälimdi. Şeýle-de bolsa, soňky gözleglere görä, planeta henizem kiçelmegini dowam etdirýär.

NASA 1970-nji ýylda “Mariner 10” missiýasynyň çäginde Merkuriý planetasyna ulag iberdi. Ulagdan alnan maglumata görä, Merkuriý hemişe dowamly kiçelýärdi. Alymlar bu ýagdaýyň sebäbini planetanyň özeniniň sowamagy bilen düşündirdiler. Angliýada geçirilen gözlegleriň çäginde täze maglumatlar ýüze çykdy.

Gözlegçileriň netijelerine görä, Merkuriýniň ýaňy-ýakynda has-da kiçeldilendigi ýüze çykaryldy. Geologiki taýdan bu gysylma takmynan 300 million ýyl ozal bolup, Merkuriýniň henizem basyş we gysylma sebäpli kiçelýändigi baradaky pikiri täzeden ýüze çykardy.

Merkuriý takmynan 4,6 milliard ýyl ozal emele gelende onuň özeninde biraz gyzgynlyk bardy. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen içerki ýylylygy ýitirdi we ýadrosy berkleşip, planetanyň kiçelmegine sebäp boldy. Bu içden sowaýyş prosesi, içki ýylylyk öndürilmeýän asman jisimlerine mahsusdyr we Aý ýaly beýleki asman jisimleriniň hem edil şonuň ýaly kiçelýändigi mälimdir.

Kerwen ÇARYKULYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok