«Gorkut ata» kinofestiwaly öz işine başlady

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8–11-nji oktýabry aralygynda Baku şäherinde «Gorkut ata» türki dünýäsiniň üçünji kinofestiwaly geçirilýär. Baku şäherindäki Geýdar Aliýew merkezinde bolsa «Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň çäklerinde kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türki dünýäsiniň nobatdaky kinofestiwalyna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň, şeýle hem Gagauz, Saha-Ýakutiýa, Dagestan, Kabardino-Balkariýa, Karaçaýewo-Çerkesiýa, Tuwa we Başkortystan ýaly Russiýanyň birnäçe sebitlerinden, 32 sany çeper, dokumental hem-de animasiýa filmleri hödürlendi.

2021-nji ýyldan bäri geçirilýän bu festiwal ilkinji gezek Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýär. Bu festiwalda çeper filmleriň görkezilişinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmi görkeziler. Bäsleşikden daşary bolsa ýakynda «Ýüpek ýolunyň merjeni» at bilen geçirilen XV Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşan kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi görkeziler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Azerbaýjanda geçirilýän «Gorkut ata» türki dünýäniň kinofestiwalyna 100-den gowrak türki halklaryň kinomatografiýaçylary bolan daşary ýurtly myhmanlar gatnaşýar.

Rabiýa TÄJOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok