Arkadagyň sahawaty — ynsanperwerligiň nusgasy

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilip, ol degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýedir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy mätäçlere hemaýat etmek bilen çagalara ýakyndan ýardam berýär. Bu gazna mätäç körpejä çäksiz uly bagt eçilýän gazna. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyrylanyna heniz köp wagt geçmedik hem bolsa, ol birnäçe çagalaryň geljegine bagt çaýdy. Bu kitap birnäçe körpejäniň ykbalynda täze sahypany açjak ýagşylyklara sebäp bolar diýip ynanýarys. Milli Liderimiz döwlet Baştutanynyň wezipesinde işlän döwri zähmet hakyndan gaznanyň hasabyna geçirip, nusga alarlyk işiň başyny başlapdy. Bu günki günde şol asylly görüm-göreldä eýerýänler gün geldikçe artmak bilen.

Gazna gatanjyňy goşmak umumadamzat bähbitli haýyrly işe baş goşmakdyr. Sebäbi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz meýdanyny giňeldip, serhetleri aşýar. Ol dünýäniň islendik ýerindäki hossarlyga mätäç çaga howandar bolar. Nesip bolsa, ol adamzady jebisleşdirjek, ýagşy işlere gönükdirjek taslama öwrüler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, ýagny maý aýynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň we Halkara kardiologiýa merkeziniň lukmanlary tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dürli dogabitdi ýürek ýetmezçilikleri, daýanç-hereket ediş ulgamynyň keselleri bolan çagalarda çylşyrymly operatiw bejergiler geçirildi. Mundan başga-da, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna beýleki ugurlar boýunça geçirilen operatiw bejergiler şowly amala aşyryldy.

Mähri ÇARYÝAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok