Antarktidanyň üstündäki ozon deşigi Braziliýadan üç esse uly

Antarktidanyň üstündäki ozon deşigi häzirki wagtda Braziliýanyň tutýan meýdanyndan üç esse uludyr we rekord derejede iň uly deşiklerden biridir.

“Copernicus Atmosfer” gözegçilik gullugynyň alymlary adatdan daşary uly ozon deşiginiň geçen ýyl Ýeriň atmosferasyna köp mukdarda suw pürken äpet wulkanyň atylmagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar.

“Copernicus Sentinel-5P” emeli hemrasyndan alnan täze ölçegler, “ozony ýitiren zolak” diýlip atlandyrylýan Antarktidanyň ozon deşiginiň şu ýylyň 16-njy sentýabrynda 26 million inedördül kilometre uzap, rekord derejä ýetendigini görkezýär.

Antarktidanyň ozon deşigi yzygiderli üýtgeýän gurluşa eýe bolup, pasyllara baglylykda ulalýar we kiçelýär. Geçirilen deslapky gözleglere görä, ozon gatlagynyň deşigi geljek birnäçe onýyllygyň içinde doly dikeldiljekligi çak edilýär. Bu gowulaşma, esasan, adam tarapyndan döredilen himiki maddalaryň kem-kemden ýok edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Serdar ISMAÝYLOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok