Änew şäheri resmi taýdan “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” hökmünde yglan ediler

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Degişli çözgüt TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi 13-14-nji oktýabrda, 2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan – Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriler. Däp bolşy ýaly, duşuşykda TÜRKSOÝ-nyň işleri ara alnyp maslahatlaşylar, 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar yglan ediler we degişli kararlar kabul ediler. Duşuşykda 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” statusynyň Türkmenistanyň Änew şäherine geçirilmegi yglan ediler.

Şunuň bilen baglylykda, indiki ýyl Änewde döredijilik toparlarynyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy taýýarlanýar. Hususan-da, ylmy, ýaşlar we metbugat forumlaryny, meşhur estrada aýdymçylarynyň we halk ýerine ýetirijileriniň konsertlerini, şekillendiriş we bezeg sungatynyň sergilerini, surat meýdançalaryny we başgalary guramak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Änew şäherinde milli döredijilik çäreleri hem TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda geçiriler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, ol paýtagt Aşgabatdan 8 kilometr gündogarda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär.

Maksat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok