Germaniýa Federatiw Respublikasy barada

Tutuş Ýewropanyň ýüregi hasaplanýan Germaniýa 357 müň inedördül kilometrden gowrak meýdana ýaýlyp, ýurtda ýaşaýanlaryň sany 85 milliona golaýlaýar. Kenarlaryny Baltika we Demirgazyk deňizleriniň suwy ýuwýan Germaniýa gämi gatnawlary, port ulgamy babatda hem iň ösen döwletleriň biridir. Konstitusion gurluşy babatda özüne kanunçylyk esasynda 16 subýekti — federal ýer böleklerini birleşdirýär. Parlament respublikasy bolup, döwleti Federal Kansler dolandyrýar.

Germaniýanyň ykdysadyýet taýdan juda ösen döwletleriň hataryndadygyny «Bütin Ýewropanyň ykdysady lokomotiwi» diýen adalgany alandygy doly aňladýar. Muny jemi içerki önüm babatda soňky statistik görkezijileriň 3,7 trillion dollara ýetendigi anyk aýdýar. Bu bolsa jan başyna düşýän girdeji ýylda 44,5 müň dollara golaýlaýar, Ýer ýüzünde ösen durmuş derejesi babatda 6-njy orny eýeleýär diýmekdir.

Germaniýa öleňler, derýalar, köller hem tokaýlar ýurdudyr. Ýurduň içinden Reýn, Dunaý, Elba, Oder, Wezer ýaly Ýewropanyň iň uzyn hem joşly derýalary akyp geçýär. Kilsk kanaly bolsa emeli hem täsin gurluşly gidrotehniki desga bolup, Baltika we Demirgazyk deňizlerini birleşdirip, gämi gatnawyny tälkewsiz üpjün edýär. Tebigy täsinligi bilen gelenleri, görenleri haýrana goýýan Boden köli 540 inedördül kilometr meýdana çaýlym berip, çuňlugy hem hele-müçe däl — 250 metre ýetýär.

Germaniýada ekologiýa meselesine juda uly üns berilýändigini aýratyn bellemeli. Muny ýurtda 14 sany milli seýilgähiň bolmagy, 19 sany biosfera rezerwatynyň — baryp, görüp bolýan tebigy çäkleriň, 100 çemesi tebigy ýadygärliklerdir goraghanalaryň bardygy hem aňladýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Germaniýa tebigy baýlyklara o diýen baý döwlet dälem bolsa, ykdysadyýet taýdan öňe giden döwlet hasaplanýar.

Enejan ALLAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok