Azatlyk heýkeli – ABŞ-da, Manhetten adasynyň günorta çetinden takmynan 3 kilometr günorta-günbatarda, ýokarky Nýu-Ýork aýlagyndaky Azatlyk adasynda ýerleşýän ägirt uly heýkeldir. Bu heýkel Amerikanyň raýatlyk urşunda gulçulyga garşy güýçleriniň ýeňşi bilen ylhamlanan Eduar Rene Lefewra de Labule, Ogýusta Bartoldininiň ýolbaşçylygynda Fransiýada bu heýkel ýasalýar. Heýkeli ýasamak, daşamak we ýerine gurmak işi 10 ýyl dowam edipdir. Heýkeliň işi 1884-nji ýylda tamamlandy we 1885-nji ýylyň iýun aýynda ABŞ-a ugradylýar. Şol wagtlar heýkeliň goýuljak ýerinde basgançaklaryň gurluşy bolup geçýärdi. Azatlyk heykeli 1886-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda ABŞ-nyň prezidenti Grower Klowlend tarapyndan açyldy. 1984-nji ýylda bu heýkel ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Heýkel açylandan soň birinji ýylda ony saklamak üçin 7,5 müň dollar çykdajy boldy. Soňra bug dinomasy bilen işleýän fakeliň gaty ýakylandygy we maýak bolup hyzmat edip bilmejekdigi belli boldy. Şeýlelik bilen maýak geňeşi yşyklandyrylyşa we belli bir derejede heýkeliň özi üçin jogapkärdi. Heýkeli duran adasyna başga-da zatlar gurmak üçin kararlar yglan edildi. Jozef Pulitser bu meselä goşulyp, adanyň diňe Azatlyk heýkeli üçin bölünip berlendigini we kanun boýunça başga maksatlar üçin ulanylmaly däldigini öňe sürýän birnäçe makalany çap edýär. Soňra bu ada gurmak üçin niýetlenen taslamalary başga ýere gurmalydygyna karar edilýär.
Azatlyk heýkeli barada ýazyjylar we şahyrlar köp sanly eserlerdir goşgulary döretdiler. 1883-nji ýylda amerikaly şahyr Emma Lazarus bu heýkele bagyşlap ,,Täze Kolosus’’ sonetini ýazýar. 20 ýyldan soň 1903-nji ýylda sonetiň sözlerini bürünç tabakda oýulyp, heýkeliň düýbünde ýerleşýän muzeýdäki diwara berkidilýär.
Aýna ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler