Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy Şamyrat Nazarow bolup durýar. Şamyrat aga 1934-nji ýylyň 22-nji awgustynda öňki Gorjaw obasynda dogulýar. Ol häzire çenli agyr-u-ýeňil iş dannaman, zähmet çekipdir.
Häzirki wagtda dört ogul, alty gyzy il hataryna goşan Şamyrat aganyň kyrk üç agtygy, ýetmiş dört çowlugy bar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 89 ýaşy arka atan garry goja özüniň şeýle sagdyn we uzak ýaşamagynyň syryny dag eteginiň arassa hem-de jana şypaly howasy, bagy-bakjasy, derman oty-çöpi, tenekar suwy bilen düşündirýär.
Teswirler