Aeroponika usulyny ilkinji bolup kosmosda ösümlikleri ýetişdirmegiň amatly usulyny gözleýän NASA tarapyndan 1990-njy ýyllarda bu usul orta atylyp, topraksyz şertlerde şeýle hem suwy tygşytly ulanmak maksady bilen döredilendir. Bu usulda ösümlikleriň howada asylyp durýanlygy sebäpli “aeroponika” termini ulanyldy. Bu sistemada ekinleriň köklerine suwy spreý görnüşinde sepmek arkaly iýmitlendirilýär we emeli şöhlelendirme ulanylýar. Onuň esasy amatlyklarynyň biri hem berilýän iýmitler ösümlige maksimum derejede täsir etmegidir.
Onuň peýdaly taraplary:
Suwy tygşytly ulanmak ýagny toprakly ekişe garanyňda 95%-e çenli tygşytlylyk;
Hasyly ir ýygnamak we harytlyk hiliniň ýokary bolmagy;
Topraga talaby bolmazlygy;
Kesellerden we zyýankeşleriň degmezligi;
Ýokary derejede hasyl almak mümkinçiligi;
Daşky gurşawa zyýanly täsirini ýetirmezligi;
Ykdysady taýdan amatlylygy;
Esasy belläp geçmeli zatlaryň biri hem ösümlikleriň kökleri elmydama nemli ýagdaýda bolandygy sebäpli kömelek keselleriniň döremezligi üçin hasyl ýygnalandan soň kök galyndylaryny aýyrmak,dezenfeksiýa işlerini geçirmek zerurdyr.Şeýle hem köklere şöhle barmagyndan ägä bolmaly sebäbi kökler garaňky gurşawa uýgunlaşan syna hasaplanýar.Bu usulda esasan hem pamidor,hyýar,petruşga,ýer tudanasy mundan başgada klubenli we köki miwelilerden ýer almasy,turp,käşir,sogan ýaly başgada lukmançylykda ulanylýan ösümlikleri hem ekmek amatly hasaplanylýar.
Aýgül BEKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
talyby.
Teswirler