Şu ýylyň 18-nji oktýabrynda Wenanyň esasy aýdym-saz zallarynyň biri bolan «Ehrbar Saal»-da türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçiriler.
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, konsert maksatnamasynda günbatar we türkmen kompozitorlarynyň eserleri, türkmen halk döredijiligi we şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetiriler.
Çeşmäniň habar bermegine görä, konserte gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, ýurduň görnükli medeni we sungat işgärleri Wenada bolarlar.
Mälim bolşy ýaly, XVIII asyrda ýaşap geçen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebi diliniň we edebiýatynyň ösüşinde täze bir döwür boldy. Onuň poeziýasynda halkyň durmuşynyň beýan edilişi, şol döwrüň wajyp meseleleriniň teswirlenişi, gumanistik, ynsanperwerlik ideýalarynyň, ynsanyň gowy gylykhäsiýetleriniň wasp edilip, erbet, bet işleriň ýazgarylyp, tankyt edilmegi şahyryň ýokary derejeli çeper eserleriniň özüne çekijilik güýji bolup durýar.
Ýakup MÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler