Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, çalt depginler bilen ösýän döwlet hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalardyr başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäde innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesiniň subut edişi ýaly, sanly ulgamyň netijesinde işewür we maýa goýum işjeňligi, döwlet hyzmatlarynyň ösüşi üpjün edilýär.
Şeýlelikde, häzirki zaman hojalyk gatnaşyklarynda sanly tehnologiýalary ulanýan kärhanalar ykdysadyýeti sanly serişdeler bilen üpjün edip, onuň ösüşiniň daýanç nokady bolup durýarlar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýete geçmek esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn täsiri has-da äşgär görünýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet eýeçiliginiň kärhanalaryny hususylaşdyrmak, önümçiligiň täze ugurlaryny we görnüşlerini ygtyýarlandyrmak, erkin ykdysady zolaklary, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek babatynda işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bu günki gün Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, ösen tehnologiýalary, täze iş orunlaryny döretmekde dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda durýar.
Bu üstünlikler diňe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň durmuşyň ähli ugurlaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy, şeýle hem öndürilen önümleriň bazarlara köpçülikleýin tertipde yzygiderli ýerlenilmegi we ýokary tehnologiýaly hem-de ygtybarly, kuwwatly milli innowasion ulgamyň kämilleşdirilmegi bilen gazanylýar.
Ogulnabat Saparowa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
Teswirler