Giçki güýz we gyş paslynyň arzyly önümleriniň biri bolan hurma diňe özüniň süýji tagamy bilen däl, eýsem, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen hem bellidir. Ösümligiň dünýäde 500 töweregi görnüşi bolup, onuň iň giňden ýaýrany «korolýokdyr». Häzirki zaman lukmançylygynda hurmanyň ähli görnüşleriniň hem deň derejede peýdalydygy ykrar edilýär. Dünýä ýüzünde 500 töweregi görnüşi bolan hurmanyň korolýok, şaron, çopantelpek hurmasy, injir hurmasy ýaly görnüşleri belli bolup, iň köp ýaýrany gündogar hurmasydyr.
Hurma agajynyň miwesi şireli, süýji hem tagamlydyr. Onuň düzüminde uglewodlar, organiki turşular, şeker we С witamini saklanýar. Hurmanyň agajy, ýapraklary, miwesi, tohumy örän peýdalydyr. Hurma çalt horlanmak üçin berhizlik hökmünde giňden ulanylýar. Muňa düzüminde şekeri köp saklanýandygy we ýokary kaloriýalylygy sebäp bolýar. Emma berhizlik üçin hem-de kosmetologiýada hurma hemmeler üçin peýdaly däldir. Süýji keselli adamlar hurmany köp iýmekden saklanmaly. Aşa köp iýlen ýagdaýynda aşgazanasty mäziniň kynçylyk çekmegine, böwrekde daşlaryň toplanmagyna getirýär, miwesinde saklanýan süýüm bilen birleşen tanin maddalary içegäniň böwetlenmegine getirýär.
Iýerusalim uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary günde bir hurma iýmegiň ýüregagyrynyň güýjemeginiň öňüni alýandygyny görkezdi. Onuň düzümindäki C witamin bedeniň wirus ýokançlaryndan goranmagyna ýardam berýär. Adamyň süňkleriniň berk bolmagy, ýüregiň we nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin bedeniň kalsiý bilen üpjün bolmagy zerurdyr. Ine, şu meselede-de hurma size kömege geler. Sebäbi hurmanyň 100 gramynda 127 mg kalsiý bolsa, munuň özi adam üçin gündelik zerurlygyň 11 göterimi diýmekdir.
Hurma agajynyň miwesi ter, guradylan ýa-da täzeden işlenen görnüşde ulanylýar. Ondan gaýtadan işlenip taýýarlanan dürli iýmit önümleri ýokary tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Azyk senagatynda hurma agajynyň miwesinden dürli görnüşli içgiler taýýarlanylýar. Käbir ýurtlarda ýenjilen hurmany una garyp, süýji çörekleri bişirýärler. Hurmanyň tohumy bolsa kofeniň ýerini tutýan içgi taýýarlamak üçin çig mal hökmünde ulanylýar.
Gülşirin MÄMMETNUROWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler