ABŞ-da Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler

Türkmen medeni diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň baş maksady dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryny türkmen halkynyň baý medeni mirasy we sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçiriler.

Albukerke – bu ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynynda ýerleşip, ol 1990-njy ýyldan bäri Aşgabat şäheri bilen doganlyk şäherdir. Türkmen aýdymçylary we sazandalary bu ýerde baýramçylyk konsertini, döredijilik adamlary bolsa, milli gymmatlyklary özünde jemleýän dürli medeni çäreleri gurarlar.

Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň arasynda göni wideoargatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçiriljek çäre baý medeni maksatnamany öz içine alýar.

Medeniýet günleriniň dowamynda türkmen milli gymmatlyklary bolan şaý-sepleriň, el halylaryň, keşdeler bilen bezelen ajaýyp lybaslaryň, Türkmenistanyň taryhy we şu güni barada gürrüň berýän neşir önümleriniň, tagamlaryň sergisi, maslahatlar, dürli dabaralar we beýleki medeni çäreler geçiriler.

Gowşut NURMURADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok