Pederleriň ruhuna tagzym

Mundan 75 ýyldan gowrak ozal halkymyzyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň biri bolup geçdi. Şol tebigy betbagtçylyk henizem her bir türkmenistanlynyň kalbynda hasrat bilen ýatlanylýar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk — ýertitreme bir pursatda milliardlarça tonna topragy süýşürip, paýtagtymyzy weýran etdi. Elhenç hasrat adamlaryň ykbalyna rehimsizlik bilen darap, aşgabatlylaryň müňlerçesiniň pida bolmagyna getirdi. Diri galanlaryň köpüsi öz ýakynlaryny ýitirdiler.

Diri galanlar edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olar gijäniň tümlüginde, gözüňi açyp bolmaýan tozanyň içinde, dowam edýän hem-de täze weýrançylyklara getirip biljek ýer yranmalarynyň howpy astynda ýykylan jaýlardan özleriniň ýakynlaryny, goňşularyny halas etmek üçin ähli gujur-gaýratyny jemläp göreşdiler. Bu betbagtçylyk adamlaryň güýjüni hem-de agzybirligini pugtalandyrdy, olary jebisleşdirdi. Hasratly günlerde olar özleriniň iň gowy häsiýetlerini, çäksiz ruhy jomartlygyny, gaýduwsyzlygyny hem-de edermenligini görkezdiler.

Öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek türkmen halkynyň nesilleri birleşdirýän we jebisleşdirýän asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda her ýyl taryhyň dürli döwürlerinde, ýagny Gökdepe söweşinde, Beýik Watançylyk urşunda hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyz ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär.

Leýli DÖWLETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok