Kosmos hakynda köp adam gyzyklanýan bolsa gerek. Kosmos tükeniksiz bir giňişlik bolup, onuň birnäçe hat-da adamzat tarapyndan görülip eşdilmedik täsinlikleri bolan bir ýerdir. Bu ugurda bilim adamlarynyň alyp barýan işleri netijesinde köp maglumatlar toplanyldy.Kosmosda su barmy? Ýer şaryndan başga ýerde suwuň barlygyny bilmek ýyllardan bäri berilýän soraglaryn esasysy bolup durýar.
Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde ýer şaryndan başga ýerlerde beýleki planetalarda hem suwuň barlygy anyklanyldy. Kosmosda boýuň has çalt ösýär. Ol ýerde ýeriň dartyş güýji bolmanlygy sebäpli, astronomlaryň boýunyň 50-75 mm aralygynda bir ösüşiň bolandygy görüldi. Munuň bilen birlikde astronomlaryň ýere gaýdyp gelende ýerçekimi sebäpli boýlarynyň uzynlygy öňki ýagdaýyna gelýändigi öwrenildi. Kosmosyň özüne mahsus bir ysynyň bolmagy täsin bolsa gerek. Ol ýere gidip gelen astronomlaryň aýtmagyna görä gowuralan sygyr etiniň ysyna meňzeş ys barlygyny aýtýarlar. Hat-da ol ys olaryň eşiklerine hem ornaşypdyr. Birnäçämiziň bilşimiz ýaly kosmosda ses ýokdyr. Sesiň ýaýramagy üçin bolsa molekulalaryň titreşmegi zerurdyr.
Elbetde kosmos wakum giňişligi bolansoň, sesiň ýaýramazlygyna getirýär. Şonuň üçin hem ýyldyz partlamalary ýaly hadysalaryň sesini eşitmeýäris. Kosmosdan gelen iň bir haýran galdyryjy zatlaryň biri hem 1977-nji ýylyň 15-nji awgustynda ýazga geçirilen 72 sekuntlyk bir radio signalydyr. Bu signal gaty daşlykdaky ýyldyz toplumyndan gelendigi anyklanyldy. Bilim adamlary bu barada gelen bu signal biziň dünýämizden başga bir ýerde hem ýaşaýşyn bardygyny görkezýär diýip aýtýarlar. NASA bolsa geljek ýyllarda kosmos barada täze maglumatlary öwrenjekdikleri barada belledi.
Ruhşana TALIPJANOWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby.
Teswirler