Sahawatly güýz oba hojalyk işgärleriniň öňünde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz we wagtynda ýygnap almak wezipesini goýýar. Şu günler welaýatlarymyzyň «ak altynly» pellerinde bu işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnamak we pagta harmanyna bökdençsiz daşamak maksady bilen birnäçe çäreler geçirilýär. Bu ugurda pagtaçylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş işleriniň we medeni hyzmatlaryň ähmiýeti uludyr.
Häzirki döwürde ähli etraplaryň, daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryndaky bitgin düýplerde birkemsiz açylan ak hanalar hemmeleriň göwünlerini galkyndyrýar. Indiki esasy wezipe bolsa ýetişdirlen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakdan ybarat bolup durýar. Edermen babadaýhanlarymyz bu jogapkärli döwre hem öňünden taýýarlyk gördüler. Olar munuň üçin zerur bolan harman jaýlaryny, atyzlaryň töwereklerini, ýollary doly taýýar etdiler. Şonuň ýaly-da degişli edara-kärhanalarda pagtany bökdençsiz kabul etmek, ýygymda ulanyljak tehnikalary gözden geçirmek, abatlamak babatda işler geçirildi.
Meýdan düşelgelerinde pagtaçy kärendeçileriň, ýygymçylaryň, pagta ýygyjy kombaýnlary erk edýän mehanizatorlaryň hem-de hasyly kabul ediş nokatlaryna, harmanhanalara daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileriň gatnaşmagynda guralýan saz-söhbetli medeni-dynç alyş dabaralarynda sungat işgärleri özleriniň joşgunly çykyşlary bilen zähmetkeşlere ruhy lezzet paýlaýarlar.
Umuman, pagtaçylygyň Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ol milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak, önümleriň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak babatda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine uly goşant goşýar.
Myrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler