Türkmenistan «Plastmassa senagaty – Özbegistan Plastex 2023» atly halkara sergisine gatnaşýar

Goňşy döwletimiz bolan Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Plastmassa senagaty – Özbegistan Plasteks 2023” 13-nji halkara sergisi geçirilýär. Bu halkara sergä dünýäniň 7 ýurdyndan 200 den gowrak kärhanalar, şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyzyň wekilleri hem gatnaşýar.

Bu halkara sergide täze önümçilik tehnikalary, gaýtadan işleýän enjamlar, plastmassa önümleriň täze görnüşleri hödürlendi. Serginiň çäginde taýýar çig maldan we gaýtadan işlenilen önümlerden plastmassalary öndürmek işi täze tehnologiýalaryň kömegi bilen görkeziler.

Senagatyň ösýän döwründe çig maly tygşytlamak we daşky gurşawy arassa saklamak maksady bilen gaýtadan işlenilýän pudaklar çalt depginler bilen ösýär. Bu ugurda täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň döredilmegi örän ähmiýetlidir.

Serginiň çäginde polimer bazarynda ýetilen soňky üstünlikler boýunça gazanylan netijeleriň jemi jemlener.

Biziň ýurdumyzda hem plastmassa pudagyny ösdürmek we dürli maksatlar üçin plastmassa önümlerini öndürmek üçin ýeterlik çig mal ýataklary bar, mundan başgada çig maly gaýtadan işlemek boýunça hem köpsanly işler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda zähmet çekýän türkmen kärhanalary dürli önümler bilen içerki we daşarky bazarlary üpjün edýärler.

Çemen SÖÝÜNOWA,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Diller
kafedrasynyñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok