«Mukaddes hakyda» atly sergi guraldy

4-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp «Mukaddes hakyda» atly sergi guraldy. Sergi iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Aşgabat ýertitremesi, ikinji bölüminde Gökdepe söweşi bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirildi.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gije Aşgabatda bolan tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesip, ençeme binalary weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri ençeme ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar. Sergide Döwlet muzeýiniň «Ýazuw çeşmeleri» gaznasynda saklanylýan dokumental fotosuratlara aýratyn orun berilýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tema taýdan toparlara bölünip, onda şäheriň ýertitremeden öňki keşbine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniň binagärligine degişli fotosuratlar görkezilýär. Bu ýerde Aşgabat ýertitremesinde zeper ýeten Seýit Jemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem ýerleşdirildi.

Gökdepe galasynda 1881-nji ýylda halkyň erkinligini goran pederlerimiziň görkezen edermenligi taryhymyza ebedilik ýazyldy. Halkymyz bu gahrymançylykly taryhy waka baradaky hakydany nesilden-nesle geçirip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, serginiň ikinji bölüminde Gökdepe söweşinden söhbet açýan muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bu ýerdäki şekillendiriş sungatynyň eserlerini hem-de fotosuratlary synlanyňda, türkmen gerçekleriniň görkezen edermenligini kalbyň bilen duýmak bolýar.

Humaýgözel ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok