Şu ýyl ýurdumyzyň Lebap welaýatynda esasy azyklyk ekinleriň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Welaýat boýunça şu ýyl jemi 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, onuň her gektaryndan 46,47 sentner, jemi bolsa 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär. Sebitde şaly ekiljek meýdanlaryň öňünden kesgitlenilmegi, bu möhüm işe tejribeli daýhanlaryň çekilmegi, hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine möwsümiň bütin dowamynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi bol şaly hasylynyň kemala gelmegine ýardam etdi. Munuň şeýledigini gündogar sebitiň şaly ekilen etraplarynda gözleriňi dokundyrýan hasylly peller bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Meýilnama laýyklykda, şu önümçilik ýylynda welaýatyň iri etraplary bolan Saýat etrabynda 3 müň 140, Çärjew etrabynda 3 müň 80, şeýle hem Dänew etrabynda 2 müň 160 gektar ýerde şaly ekilendigini, bu etraplaryň gymmatly azyklyk ekininiň gündogar sebiti boýunça bol hasylynyň kemala getirilmegine aýratyn goşant goşjakdyklaryny bellemek bolar.
Ýeri gelende belläp geçsek, welaýatda şaly oragyna hem ykjam taýýarlyk görülýär. Ýakyn wagtlarda girişiljek bu möhüm möwsümde şaly oragynda işlediljek kombaýnlaryň tehniki gözegçilik, şaly kabul ediş nokatlarynyň abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Täzegül HOJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler