Däp bolşy ýaly, her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni uly il bolup bellenilip geçilip, ol gün ata Watan, ene toprak üçin şirin janlaryny gurban eden merdana gahrymanlarymyz, 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije türkmen halkynyň başyna uly apat bolup inen Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan onlarça müň ildeşlerimiz hatyralanýar. Şeýle hem şol gün il-günümiz öten-geçenlerini ýatlaýar we hatyralaýar.
1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijedäki elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň içinde Aşgabady we onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, maşgalalara öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Bu gün halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşde duşmanyň agdyklyk edýän güýjüne mertlerçe gaýtawul beren merdana esgerlerimiziň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gaýtalanmajak mertlik, harby borja ygrarlylyk, mähriban topragymyza çäksiz söýgi görkezdiler.
Goý, Hatyra gününde berilýän sadakalar, halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň asudalygy üçin edilýän doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Söýli HANGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler