Mugallymlaryň biziň durmuşymyzda aýratyn orunlary bardyr. Olaryň bize berýän bilimdir, maslahatlary jemgyýetde dogry ýoly saýlap almakda kömek edýär.
Her ýylyň 5-nji oktýabrynda “Bütindünýä mugallymlar güni” diýlip atlandyrylýan halkara güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1994-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bellenilýär. Bu halkara güni ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlamak maksady bilen döredilýär.
Bütindünýä mugallymlar güni köp ýurtlarda dürli senelerde bellenilip geçilýär. Mysal üçin, Hindistanda 5-nji sentýabrda, Türkiýede 24-nji noýabrda, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Malaýziýada 16-njy maýda, Braziliýada 15-nji oktýabrda bellenilýär.
Bu halkara gününde dünýäniň mugallymlaryny begendirmek üçin okuwçylar we ene-atalar gyzykly çäreleri guraýarlar. Şeýle hem bu günde konsertler guralýar we mugallymlara ajaýyp gutlaglar aýdylyp sowgatlar berilýär.
Bütindünýä mugallymlar günüňiz gutly bolsun!
Bägül GOÇGAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler