Golaýda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky 2-nji bazasyna Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze tehnikalar — gaz berýän guýulary düýpli abatlamak üçin göteriji buraw desgalary gelip gowuşdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň «Jereh» kompaniýasynyň önümi bolan «Xji-750» kysymly, ýokary tehnologiýaly buraw desgalary gaz berýän guýulary ýerasty hem düýpli abatlamak üçin niýetlenilendir. Täze desga gazly guýulary düýpli abatlamakda ozalky ulanylýan enjamlardan iş öndürijiliginiň has ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Desganyň ýene-de bir aýratynlygy, ol guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini bäş müň metr çuňluga çenli aralykda ýokary hilli geçirmeklige ukyplydyr. Doly awtomatlaşdyrylan bu tehnikanyň ýük göterijiligi bir ýüz segsen tonna deňdir. Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende, turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki çylşyrymly işleri gysga wagtda, çalt amal edip bilmegi onuň ýene-de bir aýratynlygydyr. Bu bolsa guýynyň abatlanylýan möhletiniň dowamlylygyny gysgaltmaga ýardam berer. Täze tehnikalarda sürüji üçin oňaýly, amatly iş şertleri döredilendir.
Ýeri gelende belläp geçsek, täze tehnikalar bada-bat konserniň iri önümçilik düzümleri bolan «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» müdirliklerine bölünip berildi.
Gülendam ANNAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler