24-29-njy oktýabrda Türkmenistan ilkinji gezek Täjigistan Respublikasynda geçiriljek «Çodari Haýol» atly gurjak teatrlarynyň VII festiwalyna gatnaşar. Bu barada «Howar» habar agentligi habar berýär.
Festiwalyň maksady gurjak teatr sungaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek, milli gurjak teatr sungatyny ösdürmek, estetiki bilimi kämilleşdirmek, şeýle hem ýaşlarda kämil dünýägaraýşy ösdürmekdir.
Ýurdumyzda gurjak teatr sungaty ösen pudaklaryň biri hasaplanylýar. Milli teatr sungatynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Döwletiň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan medeniýet pudagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda köpsanly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda hem şeýle festiwallar geçirilýär. Bu çäreleriň yzygider geçirilmegi teatr sungatynyň işgärleriniň zähmetini açyp görkezýär.
Bu festiwala Russiýa, Gazagystan, Özbegistan we Eýran yslam respublikalary şeýle hem Türkmenistan gatnaşar. Bu ýurtlardan gelen tanymal gurjak teatr ussatlary çagalara we ýaşlara gyzykly oýunlary görkezip çykyş ederler. Şeýle hem bu maksatnama, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary hem çykyş etmeklerine garaşylýar.
Gülnabat MOMMANOWA,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Diller
kafedrasynyñ mugallymy.
Teswirler