Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistan Watanymyzda medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha kämilleşýändigine, medeniýete, sungata uly sarpa goýulýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklar medeniýet we sungat dünýäsinde bizi birleşdirdi. Bu gün sungatyň we senetçiligiň güýji parahatçylygy pugtalandyrýar, dostlugy dabaralandyrýar.
Ýurdumyzyň senetçilik önümleri inni dünýä ýurtlarynda islegini artdyrýar. Muňa mysal edip “Lebap Handmade express” maksatnamasy senetçilik önümleriň bazarlaryny artdyrmak we halkara satuwlary ýokarlandyrmak üçin türkmen senetçileriniň önümlerini “eBay” onlaýn bazarynda we beýleki halkara söwda platformalarynda ýerleşdirmegi maksat edinýär. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy üçin “Lebap HME” maksatnamasynyň 20 sany gatnaşyjysy önümiň dizaýny, sosial media marketingi, mahabat bildirişlerini ýazmak , surata düşürmek we sanly marketing ýaly ugurlar boýunça alty aýyň dowamynda gymmatly bilim aldylar. Mundan başgada bu maksatnama ABŞ-nyň onlaýn dükanlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilikleri döretdi.
«Türkmeniň keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungata goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň senetçilik ulgamynyň ösdürilmegini ileri tutýan oňyn syýasaty öz netijesini berýär hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar.
Aknur MEREDOWA,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Diller
kafedrasynyñ mugallymy.
Teswirler