Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri — gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy.
«Akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar.
Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Goý, halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Söýli MUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler