Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasyna gatnaşar

16-njy oktýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) Baş Assambleýasynyň 25-nji sessiýasy geçiriler. Bu çärä Türkmenistan hem gatnaşar. Baş Assambleýanyň 25-nji mejlisinde umumy ýygnaklar we birnäçe möhüm konferensiýa syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň temalaryna serediler.

Sessiýanyň işine Bagama, Monako, Indoneziýa, Portugaliýa, Sierra Leon, Bahreýn ýaly ýurtlaryň syýahatçylyk guramalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu çäre guramanyň iň möhüm kanuny çäresi hasaplanýar we iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Duşuşykda syýahatçylyk pudagyny düzgünleşdirýän döwlet edaralarynyň wekilleri, gurama agza 159 ýurtdan halkara guramalar we syýahatçylyk kärhanalary bir meýdança jemlenerler.

Abadangözel AKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok